Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Boldy
Tramp “Mundan beýläk Amerikan hökümetiniň resmi syýasaty zenan we erkek bolmak bilen diňe iki jynslylyga esaslanar” diýdi.

Donald Tramp, Kongresde geçirlen dabarada kasam edip ABŞ-nyň 47-nji prezidenti boldy.
Tramp, ikinji prezidentlik döwrüniň ilkinji çykyşynda, bikanun ýagdaýda ýurda gelen bosgunlar meselesine ünsi çekdi we 1919-njy ýyldaky ýaly ABŞ-Merksika serhedinde Adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edip, bikanun göçüň öňüni aljakdygyny nygtady.
Donald Tramp, ABŞ-nyň günorta serhedine esger ornaşdyrjakdygyny ýatlatdy.
Tramp, “Ýakynda Meksika aýlagynyň adyny Amerika aýlagy hökmünde üýtgederis” diýip belledi.
Donald Tramp “Mundan beýläk Amerikan hökümetiniň resmi syýasaty zenan we erkek bolmak bilen diňe iki jynslylyga esaslanar” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Panama kanalyny yzyna aljakdyklaryna ünsi çekdi.
Degişli Habarlar

Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Hüjümler sebäpli 33 müňden gowrak palestinaly sebiti terk etdi.

Amerikan hökümeti, adam pidalaryna sebäp bolan uçar heläkçiliginden soň ýüzlerçe adamy işden çykardy
Federal Awiasyýa gullugyndan 400-e golaý adamy işden çykaryldy.