Serbiýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 8 Adam Ýogaldy
Ýangynyň dolulygyna söndürlendigi bellenildi.
2232510

Serbiýanyň paýtagty Belgratda garrylar öýünde bolan ýangynda 8 adam ýogaldy.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Belgradyň Baražewo etrapçasynda ýerleşýän garrylar öýünde düýn gije ýangynyň bolandygy nygtaldy.
Beýannamada ýangynda 8 adamyň ýogalandygy, 7 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, garrylar öýünde 30 adamyň bolýandygyny habar berdi.
Ýangynyň dolulygyna söndürlendigi bellenildi.
Garrylar öýüniň bilkastlaýyn oda berlendigi öňe sürülýär.
Degişli Habarlar

“Kanadanyň Amerikanyň 51-nji Ştaty Bolmagy Has Ýerlikli Bolar”
Tramp, Kanadanyň ýurdunyň 51-nji ştaty bolmagynyň has ýerlikli boljakdygyny aýtdy.