TikTok ABŞ-da gadagan edildi

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti anna güni Hytaýyň sosial ulgam programmasy “TikTok”-yň satylman halatynda ABŞ-da gadagan edýän kanuny tassyklapdy

2232090
TikTok ABŞ-da gadagan edildi

Hytaýyň sosial ulgam programmasy “TikTok” Amerikan kärhanalarynyň birine satylman halatynda ABŞ-da gadagan edilmegini öz içine alýan kanuna laýyklykda gadagan edildi. 

Amerikan jemgyýetçiliginiň arasynda eýýäm ençeme wagt bäri jedelleşiklere sebäp bolan TikTok, gadagançylygyň resmi ýagdaýda 19-njy ýanwarda başlamazyndan birnäçe sagat ozal ABŞ-da ulanylyşa ýapylypdy. 

ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Tramp düýn beren beýanatynda, TikTok-yň degişli kanunlary ýerine ýetirmek we gadagançylygyň öňüni almak üçin goşmaça 90 gün bermek isleýändigini aýdypdy.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti anna güni Hytaýyň sosial ulgam programmasy “TikTok”-yň satylman halatynda ABŞ-da gadagan edýän kanuny tassyklapdy.


Etiketkalar: #gadagançylyk , #ABŞ , #TikTok

Degişli Habarlar