Ispaniýada asma ýoldaky heläkçilik sebäpli 30 adam ýaralandy
Ispaniýanyň demirgazygyndaky lyža merkezinde asma ýoluň ýere gaçmagy netijesinde 17-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 30 adam ýaralandy
2232094

Ispaniýanyň demirgazygynda Fransiýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Astun lyža merkezindäki asma ýol çökdi.
Şaýatlar asma ýoluň adamlaryň üstüne gaçandygyny, wakada 17-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 30 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Ispaniýanyň metbugaty takmynan 80 adamyň asma ýolda kyn ýagdaýda galandygyny habar berdiler.
Ýaralanan adamlar tiz kömek ulaglary we dikuçarlar bilen golaýdaky hassahanalara alynyp gidildi.
Wakadan soň lyža merkezi ýapyldy.
Degişli Habarlar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Taýwanyň Taýçžun şäherindäki söwda merkezinde bolan partlamada 5 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy