Gaza zolagynda ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi
Ysraýyl Hamasyň Gazadan şu gün azat ediljek ýesirleriň sanawyny çap etmeginden soň Gazada ot açmazlyk baradaky ylalaşygyň Türkiyäniň wagty bilen sagat 12:15-de güýje girendigini habar berdi
2232150





Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşykdan soň Gazada ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi.
Ot açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi bilen Gazadaky Raýat goranyş toparlarynyň agzalary, ellerindäki baýdaklar bilen ýöriş edip, şatlandylar.
Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan Gaza ylalaşygynyň we ikitaraplaýyn ýesirleriň alyş-çalşygynyň güýje girmeginden soň Han Ýunus şäherine sygynan palestinalylar, Rafah şäherindäki öýlerine dolanyp barmaga başladylar.
Beýleki tarapdan bolsa Ysraýylyň şu gün irden Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 24-e ýetdi.