Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 470 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
2232019

Ysraýylyň harby goşunynyň, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 46 müň 899 adama ýetdi.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 470 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 3 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde 23 adamyň ýogalandygy, 83 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 46 müň 899, ýaralananlaryň sany hem 110 müň 725 adama ýetdi.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy