BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi

Lakrua, Ysraýylyň kesgitlenen 60 günden ozal Liwandan çekilmelidigine ünsi çekdi.

2231933
BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýji we BMG-nyň Golan Depelerindäki Synçy güýji meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Maslahatda, Ysraýylyň Liwanda BMG tarapyndan kabul edilen kararlary basgylmaga dowam edýändigi bellenildi we Ysraýyldan gyssagly Liwandan çekilmegi islendi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň  Parahatçylyk hereketlerinden jogapkär orunbasary Lakrua, “Ysraýyl Liwanda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 1701 belgili kararyny basgylamaga dowam edýär” diýdi.

Lakrua, 6-njy ýanwarda geçirlen maslahatda, Ysraýylyň harby goşunynyň çekilmegi we sebite Liwanyň ýaragly güýçleriniň ornaşdyrylmagy üçin tapgyrlaýyn meýilnamanyň hödürlenendigini ýatlatdy.

Lakrua, Ysraýylyň kesgitlenen 60 günden ozal Liwandan çekilmelidigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: #Liwan , #Ysraýyl , #BMG

Degişli Habarlar