Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Russiýa Ukrainanyň rus topragy bolan Belgorod sebitine Amerikan önümi bolan uzak aralykly Gury ýer taktiki raketa ulgamlary (ATACMS) raketalary bilen hüjüm gurandygyny we oňa degişli jogabyň beriljekdigini habar berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn Ukrainanyň territoriýasyndan Belgorod sebitindäki elementlere ATACMS raketalary bilen hüjüm guralandygy mälim edildi.
Sebite atylan 6 ATACMS raketasynyň Rus howa goranyş rekata ulgamlary tarapyndan hatardan çykarylandygy bellenen beýanatda, hüjümde ýogalan adamlaryň we çekilen zyýanyň bolmandygy aýan edildi.
Beýanatda Ukrainanyň şol hereketlerine degişli jogabyň beriljekdigi bellenip: "Russiýanyň Goranmak ministrligi jogap bermek maksady bilen çäreler görer" diýip beýan edildi.
Geçen ýyl ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Ukrainanyň Russiýanyň çägine uzak aralykly ýaraglar bilen hüjüm guramagyna rugsat berendikleri habar berilipdi.
Ukraina wagtal-wagtal ATACMS we Storm Shadow raketalary bilen rus territoriýasyna garşy hüjümler guraýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi olara jogap hökmünde Ukrainanyň energiýa desglaryna ýokary takyk ýaraglar bilen hüjüm guraýandygyny mälim edipdi.