BSGG: Gazanyň saglygy goraýyş ulgamyny dikeltmek üçin azyndan 10 milliard dollar gerek bolar

Bu barasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus beýannama berdi.

2231484
BSGG: Gazanyň saglygy goraýyş ulgamyny dikeltmek üçin azyndan 10 milliard dollar gerek bolar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Gazanyň hatardan çykan saglygy gyraýyş ulgamyny gaýtadan dikeltmek üçin gelejek 5-7 ýylyň dowamynda azyndan 10 milliard dollaryň gerekdigini çaklaýar.

Gazadaky hassahaalaryň ýarysyndan azy işleýäňdigi üçin gyssagly we durnukly ynsanperwer kömegine bolan zerurlyk ýokary derejede.

BSGG-nyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ylalaşyga ganagatlanma bildirip, dessine güýje girizilmegi üçin çagyryş etdi. Gebreýesus ynsanperwer kömeginiň zerurlyk duýýanlara howpsuz we bökdençsiz ýetirilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar