Hamas we Ysraýyl Gaza boýunça ylalaşdy

Hamas we Ysraýyl hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň çalşylmagy boýunça ylalaşdy

2231071
Hamas we Ysraýyl Gaza boýunça ylalaşdy

Hamas we Ysraýyl Gazada 468 günden bäri dowam edýän genosid urşundan soň hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň çalşylmagy boýunça ylalaşdy.

Kataryň Premýer-ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman al Sani ylalaşygyň Hamasyň 33 sany ysraýylly ýesiri, näçe sanydygy beýan edilmedik palestinaly tussagyň öwezinde boşatmagy bilen başlajakdygyny beýan etdi.

Kataryň, Müsürüň we ABŞ-nyň ylalaşygyň ýerine ýetirilşine gözegçilik etjekdigi habar berildi.

Ikinji we üçünji tapgyrlar hakyndaky detallar birinji tapgyr gutarandan soň belli bolar.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Ysraýyl , #Hamas

Degişli Habarlar