BMG Ukraina Üçin Çagyryş Berdi
Ukraianda söweş sebäpli ýitgi çeken 8,2 million adama kömek bermek üçin 3,32 milliard dollarlyk kömek çagyryşy berildi.
2231405

BMG 2025-nji ýylda Ukrainadaky söweş sebäpli agyr günleri başdan geçirýänlere we ukrainaly bosgunlara goldaw bermek maksady bilen jemi 3,32 milliard dollarlyk kömegiň berilmegi boýunça çagyryş etdi.
BMG-nyň Ynsanperwer kömegini utgatdyryş gullugy bilen BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy tarapyndan taýarlanan habarnamada, 2025-nji ýyl üçin Ukraianda söweş sebäpli ýitgi çeken 8,2 million adama kömek bermek üçin 3,32 milliard dollarlyk kömek çagyryşy berildi.
Habarnamada 2025-nji ýylda 6 million adama azyk, saglygy goraýyş, nagt pul we bilim kömeginiň berilmeginiň maksat edinilýändigi ýatladyldy.