"Gazada ylalaşyk gepleşiklerinde “çeýelik” zerur"

ABŞ-nyň we Müsüriň liderleri Gazada ylalaşyk gepleşiklerinde “çeýeligiň” zerurdygyny beýan etdiler

2230634
"Gazada ylalaşyk gepleşiklerinde “çeýelik” zerur"

Ysraýyl bilen Hamas resmi Tel-Awiwiň Palestinanyň Gaza sebitinde 467 günden bäri dowam etdirýän genosid urşunda ylalaşyk üçin gepleşikleri dowam etdirýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ylalaşygy berkitmek üçin ähli taraplaryň “çeýe” çemeleşmelidigini nygtady.

Müsüriň Prezidentiniň Metbugat sekretary liderleriň gepleşiklerde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşandygyny we degişli taraplaryň bökdençlikleri çözmek hem-de ylalaşyk gazanmak üçin çeýe çemeleşmegi kepillendirmeginiň möhümdigini beýan etdi.

Ysraýylyň rehimsiz hüjümleri 2023-nji ýylyň oktýabryndan bari 46 müň 145 palestinalynyň ölmegine we 116 müň 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.


Etiketkalar: #Gaza , #Sisi , #Jo Baýden

Degişli Habarlar