Somalide DEAŞ-a agza 20 Terrorçy Öldürildi

Howpsuzlyk güýçleri bilen terror guramasy DEAŞ-a agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 20 terrorçy öldürildi.

2230242
Somalide DEAŞ-a agza 20 Terrorçy Öldürildi

Somaliniň Putland sebitinde howpsuzlyk güýçleri bilen terror guramasy DEAŞ-a agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 20 terrorçy öldürildi.

Putlandyň içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary general Mohamed Mohamud Ahmed, Al Miskad daglarynda howpsuzlyk güýçleri bilen DEAŞ-ly terrorçylaryň arasynda çaknyşygyň bolandygyny mälim etdi.

Ahmed, çaknyşykda 2 esgeriň ýogalandygyny, 20 terrorçynyň öldürlendigini belledi.

DEAŞ-ly terrorçylaryň uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny ýatladan Ahmed, çaknyşyk zolagynda 9 sany uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny ýatlatdy.

Sebitde gözegçiligiň ýola goýlandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar