Pakistanda terrora garşy operasiýa geçirildi

Pakistanyň goşunynyň terrora garşy operasiýasynda 27 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2230225
Pakistanda terrora garşy operasiýa geçirildi

Pakistanyň goşunyndan berilen beýanatda, Bulujystan welaýatynyň Kaççi sebitinde terrorçylaryň bardygy barada maglumatyň alynandygy habar berildi. 

Sebitde geçirilen operasiýada 27 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Operasiýada köp mukdarda ýaragyň, ok-däriniň we partlaýjynyň ele salynandygy, howpsuzlyk güýçleriniň Bulujystanyň parahatçylygyna, asudalygyna we durnuklylygyna garşy edilýän göçümleri ortadan aýyrmakda tutanýerlidigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Pakistan

Degişli Habarlar