Ýaponiýada ýer titreme boldy

Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Miýadzaki welaýatynyň suw giňişliginde 6,9 bal ululygynda ýer titreme boldy

2229973
Ýaponiýada ýer titreme boldy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Miýadzaki welaýatynyň suw giňişliginde ýerli wagt bilen sagat 21:19-da bolan 6,9 bal ululygyndaky ýer titreme, ýeriň 30 km aşagynda emele geldi. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy ýer titremäniň ululygynyň 6,8 baldygyny habar berdi. 

Döwlet telewideniýesi NHK ýer titremeden soň Miýadzaki we Koti welaýatlarynyň kenarlarynda "ägirt uly tolkunlaryň" bolup biljekdigi barada duýduryş berdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar