Ahmed al Şara: 14 million siriýaly 2 ýylyň dowamynda öýlerine dolanar

Al Şara, ýurduny terk etmäge mejbur bolan siriýalylaryň eýýam yza dolanmaga başlandygyny nygtady.

2229597
Ahmed al Şara: 14 million siriýaly 2 ýylyň dowamynda öýlerine dolanar

Siriýadaky täze dolanşygyň lideri Ahmed al Şara Asadyň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň ýurdundan jyda düşen 14 million siriýalynyň 2 ýylyň dowamynda ýurtlaryna dolanjakdygyna umytlydygyny beýan etdi.

Merkezi Dubaýda ýerleşýän prodýusser we “ÝouTube” üçin kontent taýýarlaýan Jo Hattaba interwýu beren Al Şara, ýurduny terk etmäge mejbur bolan siriýalylaryň eýýam yza dolanmaga başlandygyny nygtady.

Al Şara ynkylabyň rejimi dargadagandygyny beýan edip, ynkylapçy düşünjeden döwlet düşünjesine geçmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.


Etiketkalar: #Siriýa , #yzyna dolanmak

Degişli Habarlar