ABŞ Ukraina Howpsuzlyk Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Ukraina 500 million dollarlyk täze howpsuzlyk kömegi beriler

2228848
ABŞ Ukraina Howpsuzlyk Kömegini Bermäge Dowam Edýär

ABŞ-da Jo Beýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, Ukraina 500 million dollarlyk täze howpsuzlyk kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ukraina beriljek howpsuzlyk kömeginiň howa goranyş ulgamlaryny we F-16 harby uçarlaryny öz içine alýandygy nygtaldy.

Beýannamada AIM-7, RIM-7, AIM-9M howa goranyş ulgamlary, raketalar, F-16 uçarlaryň ätiýaçlary bilen birlikde sowutly ulgamlarynyň hem 500 million dollarlyk howpsuzlyk kömeginiň arasynda ýer alýandygy bellenildi.

Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet şeýlelikde 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Ukraina 74-nji howpsuzlyk kömeginiň berilmegini tassyklady.

 

 


Etiketkalar: #kömek , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar