Maskyň syýasata goşulmagyna berk garşylyk görkezýär

Ýewropanyň liderleri Ilon Maskyň syýasata goşulmagyna berk garşylyk görkezýär.

2227653
Maskyň syýasata goşulmagyna berk garşylyk görkezýär

Fransiýanyň Prezidenti Makron Masky “saýlawa gönüden goşulyşýanlykda” günäkärleýän bolsa, Germaniýanyň Federal Kansleri Şols Maskyň “durnuksyz” beýannamalaryny ýazgardy.

Britaniýa bolsa Premýer-ministr Keir Stramer Maskyň bir wagtlar bolup geçen pedofiliýa wakasy hakynda “ýalan we ýalňyş maglumat” ýaýradandygyny aýtdy.

Mask bolsa Stramere berk günäkärlemeler bilen jogap berdi.

Mask Germaniýadaky aşa sagçy AFD partiýasyny we Brexitiň tarapynda durýan Nigel Faražyň Reforma partiýasyny goldaýandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar