Terror Guramasy PKK/ÝPG Siriýada Asuda Ilatdan 4 Adamy Öldürdi

Rakka şäheri 2017-nji ýylda PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan basylyp alnypdy.

2220162
Terror Guramasy PKK/ÝPG Siriýada Asuda Ilatdan 4 Adamy Öldürdi

Siriýanyň Rakka şäherinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň halka ot açmagy sebäpli asuda ilatdan 4 adam ýogaldy.

Rakka şäherinde, ekstremist terror guramasynyň şäherden çykmagyny islän halk, protest ýörişini geçirdi.

Ekstremist terror guramasynyň agzalarynyň protest ýörişinde halka ot açmagy sebäpli asuda ilatdan 4 adam ýogaldy.

Rakkanyň ýaşaýjylarynyň waka berk garşylyk görkezendigi sebäpli terrorçylar ulaglary bilen sebitden gaçdy.

Umuman alnanda araplaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Rakka şäheri 2017-nji ýylda PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan basylyp alnypdy.



Degişli Habarlar