Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 433 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
2219975
![Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/0f6e/015a/d3ea/675aba1b8c9bb.jpg?time=1737362287)
Ysraýylyň harby goşunynyň, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 835 adama ýetdi.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 433 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 3 gyrgynçylyk edendigi, ýene-de 30 adamyň ýogalandygy, 99 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 835, ýaralananlaryň sany hem 106 müň 356 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
![ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/14f5/cf97/b6a4/678df345dc994.jpg?time=1737362288)
ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar
Donald Tramp dabaradan soň Ak Tama geçer we Jo Baýdenden wezipesini kabul edip alar.