Hamas azat ediljek ýesirleriň sanawyny Müsüre berdi

Hamas, ýaraşyk şertnamasynyň birinji tapgyrynda azat ediljek Gazadaky tussaglylaryň sanawyny Müsüre hödürledi

2218935
Hamas azat ediljek ýesirleriň sanawyny Müsüre berdi

Merkezi Katarda ýerleşýän Al Arabiýa telewideniýesiniň Hamasyň resmilerine esaslanyp beren habaryna görä, Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk şertnamalarynda öňe gidişlik edildi. 

Ysraýylyň ýaraşyk şertnamasynyň birinji tapgyrynda haýsy nokatlardan we ýerlerden çekiljekdigi barada ylalaşyk gazanyldy.

Habarlara görä, birinji etapda Ysraýyl Rafah gümrük geçelgesinden we Gaza zolagy bilen Müsüriň arasyndaky Filadelfiýa koridorynyň käbir ýerlerinden çekiler. 

Ýaraşyk şertnamasyna bir hepde geçeninden soň, tussaglaryň boşadylmagy we Ysraýylyň beýleki ylalaşylan ýerlerden çekilmegi meýilleşdirilýär.

Ylalaşygyň birinji tapgyrynda boşadyljak tussaglaryň sanawyny alan müsürli resmiler, ony iki günüň içinde Ysraýyla iberer we ysraýylly wekiliýeti bilen beýleki yza çekiljek nokatlary ara alyp maslahatlaşar.


Etiketkalar: #ýesir , #Müsür , #Ysraýyl , #Hamas

Degişli Habarlar