Eýran: "Siriýada ýaragly güýçlerimiz ýok" diýdi

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami, Asad režiminiň dargamagyndan soň Siriýada Eýranyň ýaragly güýçleriniň galmandygyny habar berdi

2219083
Eýran: "Siriýada ýaragly güýçlerimiz ýok" diýdi

Khabaronline habar saýtynyň habaryna görä, Selami Eýranyň mejlisinde Siriýada başdan geçirilen soňky wakalar we Eýranyň eýerjek harby strategiýasynyň ara alynyp maslahatlaşylan ýapyk maslahatda çykyş etdi. 

Asad režimi agdarylýança çenli Eýranyň harby geňeşçileriň we güýçleriniň Siriýada bolandygyny aýdan Selami, ýöne häzirki wagtda Eýranyň Siriýada harby güýçleriniň ýokdugyny aýtdy.

Maslahatda sebitdäki harby strategiýalar, Ysraýylyň operasiýalary we Eýranyň Ysraýyla garşy amala aşyran operasiýalary ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Mundan başgada sebitiň howpsuzlyk we razwedka ýagdaýy jikme-jik ýagdaýda gözden geçirildi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #Eýran

Degişli Habarlar