Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 431 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
2219122
Ysraýylyň harby goşunynyň, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 786 adama ýetdi.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 431 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 4 gyrgynçylyk edendigi, ýene-de 28 adamyň ýogalandygy, 54 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 786, ýaralananlaryň sany hem 106 müň 118 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar
Donald Tramp dabaradan soň Ak Tama geçer we Jo Baýdenden wezipesini kabul edip alar.