ABŞ, Siriýadaky Geçiş Etabyna Goldaw Berýär
Blinken, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Başar Asad ulgamynyň 2011-nji ýyldan bäri syýasy etaby kabul etmezliginiň we Eýran bilen Russiýanyň goldawyna ynam bildirmeginiň onuň agdarylmagyna sebäp bolandygyny nygtady.
Blinken, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.
14 ýyllyk dartgynlykdan soň Siriýanyň halkynyň umytlanmak üçin sebäbiniň bardygyny aýdan Blinken, ABŞ-nyň giň gerimli we siriýalylar tarapyndan dowam etdirilýän geçiş etabyna goldaw berýändigini nygtady.
Blinken “Siriýanyň hökümetiniň 2011-nji ýyldan bäri syýasy etaby kabul etmezligi we Eýran bilen Russiýanyň goldawyna ynam bildirmegi onuň agdarylmagyna sebäp boldy” diýdi.
Geçiş etabynda siriýanyň halkynyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň goralmagyny talap etmek hukugynyň bardygyny aýdan Blinen, ABŞ-nyň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Blinken, Siriýanyň hökümetiniň we tarapdarlarynyň eden jenaýatlary sebäpli jerimesini çekmelidigini ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Günbatar Şeriada giň gerimli hüjümlere taýýarlyk görýär
Soňky ýyllarda esasan Günbatar Şerianyň demirgazygyna hüjüm edilýär.
Tramp kasam ediş dabarasyndan soň ilkinji kararnamalara gol çekdi
Tramp duşenbe güni Baýden döwründe kabul edilen 78 kararnamany bes edip, işe girişdi.