ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýer titremesi boldy
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň demirgazyk kenarýaka sebitiniň suw giňişliginde 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
2217706
![ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýer titremesi boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/e990/6689/b080/66d04d70c8338.jpg?time=1736726881)
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy ýer titremäniň ýerli wagt bilen sagat 10:44-de bolandygyny, tebigy hadysanyň kenarýakadan takmynan 63 km uzaklykda we ýeriň 0,9 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.
Kaliforniýa ştatynyň demirgazygy bilen Oregon ştatynda duýulan ýer titremeden soň, ABŞ-nyň Milli howa gullugyna degişli Sunami merkezinden duýduryş berildi. Merkez gysga wagt soň bolsa sunami duýduryşynyň aýyrlandygyny mälim etdi.
Resmiler häzirki wagta çenli tebigy hadysada ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmändigini bellediler.