Jo Baýden Afrikaly Liderler Bilen Duşuşdy

ABŞ Afrikanyň mineral baýlyklaryna elýeterliligi artdyrmak we Hytaýyň pozisiýasyny ejizletmek üçin Angolada demir ýoly taslamasyny iş ýüzüne geçirer

2217215
Jo Baýden Afrikaly Liderler Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kongo Demokratik Respublikasy bilen Zambiýanyň baý magdan känlerini global bazarlara birikdirýän 550 million dollar gymmaty bolan ABŞ tarapyndan goldanýan demir ýol taslamasyny iş ýüzüne geçirmek üçin Angolanyň Lobito portunda afrikaly liderler bilen duşuşdy.

Bu başlangyç materikdäki möhüm mineral eksportunda Hytaýyň hökmürowanlygyny azaltmagy nazarda tutýar.

Liderler bu başlangyjy; maýa goýum, söwda we ykdysady ösüş üçin möhüm diýip, häsýetlendirdi. Demir ýolunyň birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär, emma haçan gutarjakdygy hakynda maglumat ýok.



Degişli Habarlar