Fransiýada Ýoksullaryň Sany Artýar
18-29 ýaş toparyndaky ýaşlaryň 11,4 göterimi ýoksullyk çäginiň aşagynda ýaşaýar.
2217040
Fransiýada soňky 20 ýylda ýoksullaryň sany 1,4 million adam artyp 5,1 million adama ýetdi.
Fransiýada ýoksullygyň çägi aýda ýeki özi ýaşaýan bir her adam üçin 1014 ýewro, çagasyz maşgalalar üçin 1500 ýewro we 14 ýaşyndan uly iki çagaly maşgala üçin bolsa 2 müň 500 ýewro hökmünde kesgitlendi.
Habarnama görä, Fransiýada ilatyň 8,1 göterimi ýagny 5,1 million adam ýoksullyk çäginiň aşagynda ýaşaýar.
Şol san 2002-nji ýylda 6,6 göterime barabardy. Ýurtda ýoksullaryň sany soňky 20 ýylda 1,4 million artdy.
Ýurtda ýoksullaryň sany gün saýyn artmaga dowam edýär. Ýoksullyk esasan ýaşlara ýaramaz täsirini ýetirýär.
18-29 ýaş toparyndaky ýaşlaryň 11,4 göterimi ýoksullyk çäginiň aşagynda ýaşaýar.