Eýranda ýer titremeler boldy
Eýranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Huzistan welaýatynda 5,6 we 4,9 bal ululyklarynda iki aýry ýer titreme boldy
2217267
Tähran uniwersitetiniň Seýsmologiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Huzistan welaýatynyň Heftegel şäheri bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 07:32-de başdan geçirildi.
Ýer titreme ýeriň 10 km aşagynda emele geldi, tebigy hadysada adam pidalarynyň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.
Şol sebitde sagat 07:53-de hem ikinji ýer titreme boldy. Ol ýer titremäniň hem ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigi we ululygynyň 4,9 bal bolandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 466 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.