Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 532 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 105 müň 538 adama ýetdi
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 425 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 30 palestinalynyň ýogalandygy, 84 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 532 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 105 müň 538 adama ýetendigi ýatladyldy.
Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
Ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglary Gaza zolagyna girmek üçin garaşýar
Gaza zolagyna girmek üçin garaşýan ýük awtoulaglarynyň ýarysynyň düzüminde azyk we un bar