Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolem wezipeden çetleşdirilme howpyny başdan geçirýär
Koreýa Respublikasy dartgynlaşýar.
Prezident Ýun Sok Ýolemiň adatdan daşary dolanşyk düzgünini yglan etmeginden soň Koreýa Respublikasy dartgynlaşýar.
Oppozisiýadaky esasy partiýa Ýun Sok Ýolemiň wezipeden çekilmegini, çekilmän halatynda bolsa wezipeden el çekdirilmegi üçin degişli çäreleriň görülmegini talap edýär.
Prezidentiň adatdan daşary dolanşyk düzgünini yglan etmegi, ýurtda uly protestleriň geçirilmegine we halkara nägileliklere sebäp boldy.
Ýun Sok Ýolemiň wezipeden boşadylmagy üçin parlementiň agzalarynyň 2/3 böleginiň-300 agzadan 200 sanysynyň-goldaw bermegi gerek.
Ýun Sok Ýolem wezipeden boşadylan halatynda Ýokary Kazyýet karar kabul edýänçä konstitutsion hukuklary elinden alynar.
Degişli Habarlar
Ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglary Gaza zolagyna girmek üçin garaşýar
Gaza zolagyna girmek üçin garaşýan ýük awtoulaglarynyň ýarysynyň düzüminde azyk we un bar