Gruziýada Ýokary Kazyýet prezidentiň saýlawyň netijelerini bes etmek hakyndaky talabyny kabul etmedi

Kazyýet Zurabişwiliniň gozgan kazyýet işiniň “düýpli seljermä” degişli edilmejekdigini habar berdi.

2216720
Gruziýada Ýokary Kazyýet prezidentiň saýlawyň netijelerini bes etmek hakyndaky talabyny kabul etmedi

Gruziýanyň Ýokary Kazyýeti Prezident Salome Zurabişwiliniň oktýabr aýynda geçirilen jedelli parlament saýlawlarynyň netijeleriniň bes edilmegi hakyndaky talabyny kabul etmedi.

Kazyýet Zurabişwiliniň gozgan kazyýet işiniň “düýpli seljermä” degişli edilmejekdigini habar berdi.

Kazyýet şeýle hem saýlawyň netijelerine garşy 30 sany oppozision halk deputatynyň gozgan beýleki işini hem kabul etmedi. Şeýlelikde Gruzin düýşi partiýasy parlamentde esasy köplügi eýeledi.

Kazyýetiň çözgüdine görä kabul edilen karar üýtgewsiz we nägilelik bildirmäge açyk däl.


Etiketkalar: #saýlaw , #kazyýet , #Gruziýa

Degişli Habarlar