Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.
2216282
Doha forumynyň 22-njisi 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar. Global platformalardan biri hökmünde ykrar edilen forum, global kynçylyklary çözmek we çözgütleri teklip etmek üçin dünýä liderlerini we syýasatçylaryny bir ýere jemleýär. Forumyň şu ýylky mowzugy “Täzeçillik hökmany” hökmünde saýlanyp alyndy. Bu mowzuk iki günüň dowamynda giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylar. Mowzuklar geosyýasy dartgynlygy, global howpsuzlygy, gumanitar krizisleri we bu meseleleri çözmekde tehnologiki ösüşleriň roluny öz içine alar. |
Degişli Habarlar
Ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglary Gaza zolagyna girmek üçin garaşýar
Gaza zolagyna girmek üçin garaşýan ýük awtoulaglarynyň ýarysynyň düzüminde azyk we un bar