Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 423 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
2216144
Ysraýylyň harby goşunynyň, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 466 adama ýetdi.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 423 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 4 gyrgynçylyk edendigi, ýene-de 37 adamyň ýogalandygy, 108 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 466, ýaralananlaryň sany hem 105 müň 358 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
Baýden Ak Tamdan gitmezden öň doganlaryny we olaryň maşgalalaryny bagyşlady
Günägeçişlik deňi-taýy görülmedik prezidentlik kararlarynyň garaşylmadyk finaly boldy.