Meksikada Guralan Ýaragly Hüjümde 9 Adam Ýogaldy
Hüjümde 9 adam ýogaldy, 5 adam hem ýaralandy.
2215803
Meksikanyň demirgazygynda kiçi dükana guralan ýaragly hüjümde 9 adam ýogaldy.
Meksikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Apaseo del Grande etrapçasynda kiçi dükana ýaragly hüjüm guraldy.
Hüjümde 9 adam ýogaldy, 5 adam hem ýaralandy.
Şaýatlar, hüjümçiniň ilki dükanyň öňündäkilere, soň bolsa daş töwerekde çem gelen ýere od açandygyny nygtady.
Gaçan hüjümçiniň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 46 müň 645 adama ýetdi.