Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols sapar bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine bardy
Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols sosial media hasabyndan beren beýanatynda Kiýewe barandygy bilen bagly surat paýlaşdy.
Olaf Şols: "Ukraina bize ynanyp biler. Näme etjekdigimizi aýdarys we aýdýanlarymyzy ýerine ýetireris. Ony ýene-de bir gezek aýdyňlaşdyrmak üçin şu gije Kiýewe tarap ýola çykdym. Russiýanyň agressiýa söweşine garşy 1000 günden gowrak wagt bäri özüni goraýan bir ýurtdan otly bilen geçdim" diýip habar berdi.
Germaniýanyň Ukrainanyň Ýewropadaky iň güýçli goldawçysy bolmagyny dowam etdirjekdigini aýdan Şols, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçirjek duşuşygynda özlerine dekabr aýynda 650 million ýewro gymmadynda bolan täze gorag enjamlaryny gowşurjakdyklaryny aýtjakdygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar
Ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglary Gaza zolagyna girmek üçin garaşýar
Gaza zolagyna girmek üçin garaşýan ýük awtoulaglarynyň ýarysynyň düzüminde azyk we un bar