Alkogol sarp etmek bilen saçlaryň dökülmeginiň arasynda arabaglanyşygyň bardygy ýüze çykaryldy

Erkeklerde aspirtli içgileri sarp etmek bilen saçlaryň dökülmeginiň arasynda arabaglanyşygyň bardygy mälim boldy

2214535
Alkogol sarp etmek bilen saçlaryň dökülmeginiň arasynda arabaglanyşygyň bardygy ýüze çykaryldy

Günorta Koreýanyň Pusan Milli universitetinden alymlaryň beýan etmegine görä, dowamly ýagdaýda alkogol sarp edýän erkekleriň Androgenetiki alopesiýa hadysasyny başdan geçirmekleriniň 1,4 esse has köpdügi ýüze çykaryldy. 

Alymlar çürt-kesik sebäbini anyklamasalar hem bu ýagdaýyň alkogol metabolizmasynyň bir bölümi bolan asetaldegid bilen arabaglanyşklydygyny pikir edýärler. 

Hünärmenler saçyň dökülmeginiň beýleki sebäpleriniň arasynda garramak, stres, rak keseli, horlanmak we demir ýetmezçilik ýaly hadysalaryň hem bolup biljekdigine ünsleri çekýärler.  


Etiketkalar: #alkogol , #saç

Degişli Habarlar