Russiýa Ukraina Balistiki Raketa Hüjümini Gurady
Raketa hüjüminiň senagat kärhanasyna zeper ýetirendigi we 2 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Ukraina, Russiýanyň topraklaryna materikara balistiki raketa bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Howa güýçlerinden berlen beýannamada, Russiýanyň Dnipro şäherine hüjüm gurandygy nygtaldy.
Beýannamada, müňlerçe kilometr menzile we ýadro mümkinçiligine eýe bolan balistiki raketalaryň 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän söweşde ilkinji gezek ulanylandygyna üns çekildi.
Raketa hüjüminiň senagat kärhanasyna zeper ýetirendigi we 2 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukraina sişenbe güni Amerikan ATAJMS raketalarynyň Russiýa garşy ulanylmagyna rugsat beripdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa balistiki raketa hüjümlerine ýadro ýaragyny ulanmak bilen degişli gawtawulyň görkezilmegini göz öňünde tutýan doktrinany tassyklapdy.
Degişli Habarlar
BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi
Lakrua, Ysraýylyň kesgitlenen 60 günden ozal Liwandan çekilmelidigine ünsi çekdi.
Siriýalylar Ýurtlaryna Dolanmaga Dowam Edýär
Dekabr aýyndan bäri 200 müň siriýaly bosgun ýurtlaryna dolandy