Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi

Ukrainanyň Baş prokuraturasy, Russiýa-Ukraýna urşunyň başlan gününden bäri ýurtda uruş sebäpli 589 çaganyň ýogalandygyny habar berdi

2209433
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi

Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň Telegram hasabyndan berilen beýanatda, Ukrainada uruş sebäpli ýogalan ýa-da ýaralanan çagalar barada maglumatlar paýlaşyldy.

Beýanatda, Russiýa-Ukraýna urşunyň başlamagyndan bäri rus hüjümleriniň netijesinde ýurtda 589 çaganyň ýogalandygy, 1681-den gowrak çaganyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

Dnepropetrowsk welaýatynyň Harby dolandyryş edarasynyň başlygy Sergeý Lysak hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň düýn Kriwoý-Rog şäherine raket bilen guran hüjüminden soň başladylan gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Lysak, şu gün alynan maglumatlara görä, ýumrulan bir  ýaşaýyş jaýynyň aşagynda bir zenanyň we onuň üç çagasynyň jesetleriniň tapylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Döwlet Baştutany Wladimir Zelenskiý, hüjüm barada beren beýanatynda, Russiýanyň urşy dowam etdirmek isleýändigini aýdyp, "Bu hüjümleriň ählisi Russiýanyň diplomatiýa bilen bagly ähli beýanatlaryň ýalandygyny subut edýär" diýip belledi. 


Etiketkalar: #uruş , #çaga , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar