Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Saglygy gorayş işgärleri ady agzalan hüjümde 10 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny habar berdiler

2209197
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň Mewasi diýilýän ýerinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen adamlaryň galýan çadyr düşelgäniň golaýyna hüjüm guramagy netijesinde 10 palestinaly ýogaldy. 

Şaýatlaryň habar bermegine görä, Ysraýylyň goşuny Mewasi sebitinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen adamlaryň galýan çadyr düşelgäniň golaýynda ýerleşýän we internet hyzmatyny berýändigi üçin palestinalylaryň gelim-gidimli ýeri bolan kafeni nyşana aldy. 

Saglygy gorayş işgärleri ady agzalan hüjümde 10 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. 

Ysraýylyň goşuny bolsa Gaza zolagynyň demirgazygynda Palestinanyň garşylyk toparlary bilen başdan geçirilen çaknyşykda 4 esgeriniň ölendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar