Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB), Ukraýnanyň rus dikuçaryny ogurlamak meýilnamasyny puja çykarandyklaryny habar berdi
Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka müdürliginiň Russiýa degişli radio elektron enjamlara garşy göreş alyp barýan "Mi-8MTPR-1" kysymly dikuçary operasiýa bilen ogurlamagy meýilleşdirendigi mälim edildi.
Şol operasiýanyň puja çykarylandygy bellenen beýanatda: "Ukrainanyň harby razwedkaçylary dikuçary ogurlamak üçin rus uçarmanyny öz tarapyna çekmäge synanyşdylar. Munuň üstesine rus razwedkaçylar, Ukraina degişli howa goranyş ulgamlarynyň we Ukrainanyň harby birikmeleriniň ýerleşýän nokatlaryny kesgitläp, hüjümler guradylar" diýip habar berildi.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow hem FSB-niň Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putine mesele barada maglumat berendigini aýan etdi.
Degişli Habarlar
Terror Guramasy PKK/ÝPG Siriýada Asuda Ilatdan 4 Adamy Öldürdi
Rakka şäheri 2017-nji ýylda PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan basylyp alnypdy.