Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi resmi taýdan "BRICS hyzmatdaşy" bolandyklaryny aýtdy
Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurdunyň resmi taýdan "BRICS hyzmatdaşy" bolandygyny habar berdi
Belarussiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Belarussiýanyň 5-nji noýabrda BIRCS-e hyzmatdaş hökmünde goşulmaga taýardygy baradaky hata gol çekendigi habar berildi.
Belarussiýanyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow Russiýanyň Minsk şäherindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Boris Gryzlowy kabul eden mahaly haty gowşurandygy bellenen beýanatda: "Ýazmaça çakylyga resmi taýdan jogap berilmegi, agza döwletler tarapyndan kabul edilen hyzmatdaş derejesini almak üçin proseduryň hökmany bir elementi bolup durýar. Şol pursatdan başlap ýurt resmi taýdan BRICS hyzmatdaşy hökmünde kabul edilýär" diýip mälim etdi.
Beýanatda Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hatynyň mazmuny hem beýan edildi.
Lukaşenko Belarussiýanyň BRICS-e hyzmatdaş hökmünde goşulmagynyň Russiýanyň döwürleýin başlyklygynda resmileşmeginden hoşaldygyny beýan etdi.
Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi bu tapgyr bilen Belarussiýanyň BRICS-iň zerur bolan standartlaryna we kriteriýalaryna laýyk gelýändigini tassyklandygyny we BRICS-e hyzmatdaş ýurtlarynyň modeliniň ýol görkeziji ýörelgelerine eýermegini kabul edýändigini habar berdi.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 433 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.