Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi

Münir Abdullah Al Berş, Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyna guraýan hüjümleri hakynda beýannama berdi.

2205292
Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi
israil gazze saldiri.jpg
israil gazze saldiri1.jpg

Ysraýylyň harby goşuny Gaza Sektorynyň demirgazygydna 27 günden bäri gury ýerden guraýan hüjümlerinde 1200-den gowrak palestinaly öldürdi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş müdüri Münir Abdullah Al Berş, Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyna guraýan hüjümleri hakynda beýannama berdi.

Berş, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynyň demirgazygynda 27 günden bäri gury ýerden guraýan hüjümlerinde 1200-den gowrak palestinalyny öldürdigini aýtdy.

Berş, Ysraýylyň harby goşunynyň Beýt Lahiýada asuda ilaty nyşana almak bilen gyrgynçylygyny dowam etdirýändigini nygtady.

Berş, “Ysraýylyň harby goşuny lukmançylyk enjamlarynyň Gazanyň demirgazygyna girmegini bökdeýär we Gaza Sektorynyň demirgazygynda Kemal Adwan, Al Awde we İndoneziýa hassahanalaryny gabaw astyna aldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar