Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginden beýannama berildi.

2198747
Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy

Eýran Russiýa ballistiki raketa berendikleri we 1-nji oktýabrda Ysraýyla guran raketa hüjümleri sebäpli ÝB hem-de Britaniýa tarapyndan girizilen goşmaça sanksiýalary “kanuna laýyk däl” diýip, häsýetlendirdi we ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ismail Bakaýi beren ýazmaça beýannamasynda ýurdunyň Russiýa ballistiki raketa satandygy hakynda habarlaryň nädogrydygyny we ÝB bilen Britaniýanyň sanksiýalaryny ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Eýranyň Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky urşa garşydygyny we diplomatik çözgüt üçin çagyryş edendigini nygtan Bakaýi, Russiýa ýaly başga ýurtlawr bilen goranyş pudagynda edýän hyzmatdaşlyklarynyň üçünji taraplara garşy däldigini öňe sürdi.

Bakaýi ÝB bilen Britaniýanyň Eýrana garşy sanksiýalaryny “nähak” we “hukuga garşy” diýip, häsýetlendirip, adybir ýurtlaryň Gaza bilen Liwanda genosid we harby jenaýatlar edýän Ysraýyla ýarag goldawyny berip, şol jenaýatlara şärik bolandygyny beýan etdi.

 Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ismail Bakaýi ÝB-niň Eýranyň raýat awiasiýasy pudagyna girizen sanksiýalarynyň bolsa “halkara hukugy aça-açan bozmakdygyny” beýan etdi.

 



Degişli Habarlar