Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady

Hüjümde 4 esger ýogaldy, 67 adam ýaralandy.

2198095
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady

Hizbullah tarapyndan Ysraýylyň Haýfa şäheriniň günortasynda ýerleşýän harby merkeze uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 4 esger ýogaldy, 67 adam ýaralandy.

Hizbullah tarapyndan berlen beýannamada, Gazadaky palestin halkyna goldaw bermek, Liwany we halkyny guramak üçin, Beýrutdaky Basta we Nuweýri etrapçalaryna guralan hüjüme degişli gaýtawuly görkezmek üçin Haýfa şäheriniň günortasynda ýerleşýän Binýamina etrapçasyndaky Glolani harby tälim merkezine hüjüm guralandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Hizbullahyň “ýurduny, halkyny” goramak üçin taýardygy, “duşmany ýüz öwürtmek üçin egilşik etmejekdigi”nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşuny hüjümde 4 esgeriň ýogalandygyny mälim etdi.

“Maariw” gazetiniň berýän habaryna görä, hüjümde 4-i agyr 67 adam ýaralandy.

 



Degişli Habarlar