Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"

Arap Bileleşigi Ysraýylyň Gazanyň demirgazygynda genosidi, palestinalylary deportasiýa etmek meýilnamasyny dowam etdirýändigini habar berdi

2198169
Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"

Arap Bileleşiginden berilen ýazmaça beýanata görä, Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt, Ysraýylyň goşunynyň Jibaliýa sebiti başda bolmak bilen Gaza zolagynyň demirgazygynda dowam etdirýän hüjümlerini berk ýazgardy. 

Ysraýylyň dünýäniň Liwanda edilýän jenaýatlara ünsüni sowmagyndan peýdalanyp, Gazada utandyryjy jenaýatlarynyň üstüne täzelerini goşandygyny aýdan Abu Gaýt: "Ysraýyl ady agzalan hüjümleri bilen Gaza zolagynyň demirgazygyny beýleki ýerlerden aýyrmak, palestinalylaryň ählisini öz ýaşaýan ýerlerinden göçürmek we deportasiýa etmek meýilnamasyny durmuşa geçirmegi maksat edinýär" diýip habar berdi. 

Abu Gaýt, Tel-Awiw dolanşygynyň azyk we suw ýaly möhüm zatlaryň sebite girmegine päsgel berip, Gazada ýaşaýan palestinalylara garşy örän elhenç syýasat alyp barýandygyny beýan etdi. 

Ysraýylyň goşuny eýýäm 10 gün bäri Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Jibaliýa bosgun düşelgesine Beýt Lahiýa we Beýt Hanuna gury ýer we howa hüjümlerini dowam etdirmek bilen birlikde, sebiti berk gabaw astyna aldy.



Degişli Habarlar