“Ysraýyl Hüjüm Guran Halatynda Berk Garşylyk Görkezeris”
Pezeşkiýan, parahatçylyk isleýändiklerini emma Ysraýyl hüjüm guran halatynda berk gaýtawul görkezjekdiklerini aýtdy.
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, parahatçylyk isleýändiklerini emma Ysraýyl hüjüm guran halatynda berk gaýtawul görkezjekdiklerini aýtdy.
Aziýa hyzmatdaşlyk dialogy sammitine gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha giden Mesud Pezeşkiýan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen metbugata beýannama berdi.
Eýranyň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar boýunça tutumy hakynda durup geçen Pezeşkiýan “Asla ganyň dökülmegini islemeýäris. Biz parahatçylyk isleýäris, asudalyk isleýäris. Haýsydyr ýurtda ganyň dökülmegini islemeýäris. Emma Ysraýyly bizi muňa mejbur edýär” diýdi.
Hamasyň lideri Ismail Haniýýeniň iýul aýynda paýtagt Tähranda janyna kast edilmegi barada durup geçen Pezeşkiýan, “Ysraýyl myhmanymyzyň janyna kast etmek bilen bizi hüjüme degişli gaýtawuly görkezmäge mejbur etdi. Prezident hökmünde kasam eden günüm myhmanymyň janyna kast etdi. Muny hiçbir ýurt we hiçbir tarap kabul etmez”diýip belledi.
Ysraýylyň Eýrana hüjüm guramak ähtimallygy boýunça garaýyş beýan eden Mesud Pezeşkiýan “Ysraýyl hüjüm guran halatynda berk garşylyk görkezeris” diýdi.
Degişli Habarlar
Pakistanda Howanyň Hapalygy Sebäpli Okuwlara Arakesme Berildi
Lahor şäherindäki ähli mekdeplerde okuwlara 1 hepde möhlet bilen arakesme berildi.
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 395 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.