Ysraýylyň Gaza Sektoryna Guran Hüjüminde 30 Adam Öldi

Ysraýylyň harby güýçlerinin Gaza Sektorunyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde käbir öýlere guran hüjümlerinde 20, Gaza şäherindäki mekdebe we ýetimler öýüne guran hüjüminde bolsa 10 adam öldi.

2193734
Ysraýylyň Gaza Sektoryna Guran Hüjüminde 30 Adam Öldi

Gazadaky Ýewropa hassahanasyndan alynan maglumata görä Ysraýylyň goşunynyň Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky Salam, Manara we Maan etraplaryndaky öýlere ir-ertir guran hüjümlerinde 20 adam ýogaldy.

Şaýatlaryň beýan etmegine görä bolsa Ysraýyl palestinalylara degişli öýleri bombalady, adybir etraplarda reýdler geçirip, hereket edýän adamlara od açdy.

Ysraýylyň harby güýçlerinin wakanyň bolan ýerine ýakynlaşan adamlara od açmagy sebäpli ýykylan öýtleriň harabalygynyň aşagynda galan ölüliler we ýaralylar çykarylyp bilinmeýär.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza Sektorunda öýlerinden jyda düşenleriň bolýan mekdeplerinden birini we ýetimler öýüni bombalamagy netijesinde bolsa 10 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.



Degişli Habarlar