Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Liwanyň hökümedi peýjerleriň partladylmagyny ýazgaryp, onuň "Ysraýylyň jenaýaty we milli özygtyýarlylygyň düzgün bozmasydygyny" beýan etdi
Ysraýylyň Liwana syzdyran aragatnaşyk enjamlarynyň (peýjer) partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 1-i çaga jemi 9 adam ýogaldy, 200 adamyň saglyk ýagdaýy agyr 2 müň 800 adam bolsa ýaralandy.
Liwanyň saglygy goraýyş ministri Firas al-Abýad ýurt derejesinde Hizbullahyň agzalary tarapyndan ulanylan peýjerleriň partlamagy netijesinde biri 8 ýaşynda çaga bolan 9 adamyň ýogalandygyny, 200-siniň saglyk ýagdaýy agyr takmynan 2800 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrligi saglygy goraýyş edaralarynyň ähli işgärlerine, tiz kömek bölümlerindäki "köp sanda ýaralanan adamlara" kömek bermek maksady bilen saglygy goraýyş edaralaryna barmaklary barada buýruk berdi.
Ministrlik peýjerleriň ulanylmazlygy barada çagyryş berdi.
Liwanyň hökümedi peýjerleriň partladylmagyny ýazgaryp, onuň "Ysraýylyň jenaýaty we milli özygtyýarlylygyň düzgün bozmasydygyny" beýan etdi.
Liwanyň hökümetinden berilen beýanatda: "Ysraýylyň wagşyçylykly hüjüminiň Liwanyň özygtyýarlylygynyň berk düzgün bozmasydygyny we ähli taraplaýyn jenaýatdygyny" habar berdi.
Beýanatda Liwanyň hökümetiniň "Dowam edýän bu jenaýatlar bilen baglanşykly jogapkärçilikleri almaklary üçin degişli ýurtlar we BMG bilen dessine aragatnaşyga geçendigi" mälim edildi.
Liwan Hizbullahy ýurt derejesinde agzalary tarapyndan ulanylan aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagynyň Ysraýylyň jogapkärdigini we şol hüjüme garşylyk görkezjekdigini aýan etdi.
Beýanatda Ysraýylyň garaşsa-da, garaşmasa-da, bu günäli hüjüm üçin özüne berlen jezany aljakdygyny beýan etdi.
Ýurtda käbir peýjerleriň eýeleriniň üstünde mahaly partlandygyny görkezýän wideolar sosial mediadan paýlaşyldy.
Wideo materiallarda şol aragatnaşyk enjamlarynyň signal bermegi bilen eýeleri tarapyndan ellerine alynandygyny we şol mahal partlandygyny görüp bolýar.
Beýleki tarapdan Eýranyň ýarym resmi habarlar agentligi Fars tarapyndan ady aýan edilmedik habar çeşmesine esaslanyp beren maglumatynda, partlamada Eýranyň Beýrut şäherindäki ilçisi Emani hem ýaralandy.
Ysraýylyň howpsuzlyk gulluklarynyň resmileriniň Ysraýylyň Liwandaky peýjerlere syzyp partlatmagyndan soň artan dartgynlyk sebäpli "gyssagly maslahat" geçirmäge çagyrylandyklary habar berildi. Liwandaky hüjüm bilen baglanşykly ysraýylly resmileriň beýanat bermezlikleri bolsa ünsleri özüne çekýär. KAN tarapyndan berilen habarda Premýer ministrlik Ofisinden ysraýylly ministrlere Liwandaky partlamalar bilen baglanşykly beýanat bermezlikleri barada duýduryş berilendigi mälim edildi.