Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada daşary ýurtlaryň diplomatlary bilen geçiren maslahatynda gün-tertibindäki meseleler hakynda beýanat berdi.
Lawrow Ukrainanyň goşunlarynyn awgust aýynyň başynda Russiýanyň Kurs oblastyna girendigini ýatladan Lawrow, şol wagtlar rus raýat desgalaryna guralan hüjümin artandygyny beýan etdi.
Rus goşunynyn häzirki wagtda Ukrainanyň harby güýçlerini Kurskdan çykarmaga dowam edýändigini aýdan Lawrow, Kurskyň atom elektrik bekedi hakynda durup geçip; “Kursk atom elektrik bekediniň golaýyndaky ýagdaý iňňän dartgynly” diýdi.
Lawrow ukrain goşunynyň Zaporožýäniň atom elektrik bekedine hem hüjümler gurandygyny ýatladyp; “Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 11-nji awgustda guran hüjümi sebäpli ýangyn boldy. Ýangynda bekediň iki sowadyjy diňinden birine zeper ýetdi. Ol uly mesele. Günbatar muňa üns bermedi. Elindäki oýnatgylaryň aksiýalary Çernobil ýaly atom betbagtçylygyna sebäp bolup biler. Ol hem ilkinji nobatda Ýewropa zyýan ýetirer” diýdi.
Günbatary Ukrainanyň aksiýalaryna goldaw berýänlikde günäkärlän Lawrow, NATO-nuň uzak aralykly ýaraglar berendigini, harby kosmos maglumatlaryny ýetirýändigini, Russiýadaky infrastruktura desgalaryna hüjümleri utgaşdyrýandygyny aýtdy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 371 günden bäri Gaza Sektorynda edýän genosidi hakynda maglumat berildi.