Ermenistan Serhetlerini Rus Goşunlarynyň Goramagyndan Biynjalyk
Ermenistanyň Parlamentiniň Başlygy Alen Simonýan Ermenistanyň Türkiýe we Eýran bilen serhetlerinde rus serhetçileriniň ornaşandygyna ünsi çekip, bu meselede pikirlenilmelidigini aýtdy.
Beýannama Ermenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň möwç alýandygyny alamatlandyrýar.
Simonýan; “Häzirki wagtda Türkiýe we Eýran serhetlerinde rus serhetçileri bar. Bu meselede kelle döwmelidigimizi pikir edýärin” diýdi.
Rus serhetçileri 1992-nji ýylda gol çekilen döwletara ylalaşyga laýyklykda Ermenistanyn Türkiýe serhediniň 345, Eýran serhediniň bolsa 45 kilometrini goraýar. Ol, Sowet Soýuzyndan galan ulgam.
Ermenistan-Russiýa gatnaşyklary 2-nji Garabag urşundan soň ýaramazlaşdy.
Ermenistan Russiýanyň çaknyşykda goldaw bermändigi üçin närazylygyny beýan etdi. Netijede Ýerewan rus serhetçileriniň ýurdunyn käbir sebitlerinden çykmagyny talap etdi we Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna agzalygyny saklady.
Russiýa bilen gatnaşyklary ýaramazlaşan Ermenistan günbatar ýurtlary bilen gatnaşklaryny artdyrdy we Ýewropa utgaşyklygy bilen gyzyklanmaga başlady.
Simonýanyň beýanaty Ermenistan bilen Russiýanyň gatnaşyklaryny seljermäge we döwlet serhetlerini öz gözegçiligine almak ugrunda etjek täze başlangyçlarynyň görkezijisi bolup biler.
Degişli Habarlar
Kipr Adasyndaky Taraplar 15-nji Oktýabrda Duşuşar
Çakylygy iki tarapyň hem kabul edendigi we taraplaryň Nýu-Ýorkda duşuşjakdygy bellenilipdi.